Yzgant obasynyň Parfiýa patyşalarynyň tagmasy


Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň ekspedisiýasynyň 2012-nji ýylyň güýzünde Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň Daşlydepe diýen ýerinden tapan gara reňk çalynan tagmasy – üç diş keramika nusgalarynyň birini bezeýär. Küýze döwügi gadymy döwrüň gatlaklaryndan tapyldy, onuň belgisi bolsa parfiýa tatyşalarynyň tire belgisi bolup durýar. 

Heniz gadymy wagtlarda admlarda öz uruglarynyň eýeçilgini haýsydyr bir nyşan bilen bellemäge mümkinçilik döräpdir. Munuň üçin urugçylyk obşinasyny aňladýan belgiler oýlanyp tapylypdyr. Bu belgiler – tagmalar oguz epiki däp-dessuryna laýyklykda şöhratly Oguz hanyň ogly Gök han döwründe tassyklanypdyr. Onuň geňeşçisi Yrkyl Hoja Oguz Hanyň ýigrimi dört agtygynyň her birine “... kime haýsy malyň degişlidigini tapawutlandyrmak maksady bilen, maly tagmalamak üçin öz tagmasyny kesgitläpdir”. 

Türkmen halkynyň biziň eýýamyzdan birnäçe wagt öň emele gelendigini açyk aýtsa bolar. Dah massagetleriň we oguz türkmenleriniň tire-taýpa deňeşdirme seljermesi etnonimiki parallelleri tassyklaýar. Yzgantdyň-Oguzkendiň Parfiýa patyşalygynyň belgisi, soňra seljuk türkmenleriniň patyşalygynyň urug belgisi hökmünde belli bolamagy daho-parfiýa etniki elementleriň oguz konfederasiýasynyň düzüminde bolandygyna doly şaýatlyk edýär. 

Eýýäm köp ýyl mundan ozal heýkellerdäki, mazarlarda dikilen daşlardaky, orta asyr oguz we häzirki zaman türkmenleriniň gap-gaçlarynda şekillendirilen gadymy tagma belgileri deňeşdirildi. Alymlar, lingiwistiki seljeriçi geçirip we ony arheologiki hem-de ýazuw çeşmeleri bilen tassyklap, oguzlaryň uly böleginiň ýerli daho-massaget we alano-sarmat taýpasyndagyny subut etdiler. Gadymy we häzirki zaman tagmalarynyň deňeşdirilmegi bu netijeleri doly tassyklady, olar dolylygyna diýen ýaly üýtgemän galypdyr. 

Taýpa belgisiniň abraýy şübhesizdir. Türkmen kanunlaryna laýyklykda, atasynyň öýünden bölünip aýrylýan ogullar ene-ata tagmasyny üýtgetmändirler. Olar diňe ýeňiljek üýtgeşme girizipdirler ýa-da çyzyjak çekipdirler. Körpe ogul bolsa, tagmany üýtgetmändir. 

Haçan-da hususy we maşgala eýeçiligi bolman, diňe urug eýeçiligi bolan döwründe dörän tagma bellikleri bürünç eýýamyna (biziň e.öňki II müň. ýyl) degişli bolan Türkmenistanyň ýadigärliklerinden tapylan zatlarynda ýüze çykaryldy. 

Türkmenistanyň YA Arheologiýa we etnografiýa institutynyň gözleg-agtaryş ekspedisiýasy 2012-nji ýylyň güýzünde Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Daşledepede iş alyp bardy. Dürli eýýamlara degişli bolan köp sanly tapyndylaryň arasynda gara reňk bilen çekilen tagmanyň – üç dişi şekillendirýän keramika gabynyň döwügi tapyldy. Bu küýze döwügi gadymy döwrüň gatlaklaryndan tapyldy, onuň belgisi bolsa parfiýa patyşalygynyň urug belgisi bolup durýar. Üç diş Köne Nusaýyň esasy galkanynda, Gäwir galanyň (Gadymy Merw) giçki parfiýanyň kerpiçlerinde şekillendirilipdir. Ýüzlerçe ýylar geçdi, Parfiýa imperiýasy bir wagtlar ýitip gitdi, ýöne halk bolsa ýitmeýär. Wagtyň geçmegi bilen Türkmenistanyň gadymy etnoslarynyň ählisi kuwwatly oguz bileleşigini döredipdir. Yzgant-Oguzkent obasy bolsa haçan-da bir wagtlar oguzlaryň içerki şäherleriniň biri bolupdyr.

Öwez GÜNDOGDYÝEW, 
Türkmenistanyň YA Arheologiýa we etnografiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, professor

Comments

Popular posts from this blog

ХОРЕЗМ – ДРЕВНЯЯ СТРАНА ТУРКМЕН

ХОРЕЗМИЙЦЫ – ЭТНОГРАФИЧЕСКАЯ ГРУППА ТУРКМЕН

КЮЗЕЛИГЫР – ПЕРВАЯ СТОЛИЦА ДРЕВНЕГО ХОРЕЗМА